IL-GÜN

 ايل- گون

  Garaşsyz türkmen neşriyesi

   نشريـــه مستـقـــل تـــرکمـــن

Arhiw Biz Barada Baş sahypa
Monday, 21. May 2012-دوشنبه ۰۱ خرداد ۱۳۹۱
فارسي
sahypada agtarmak

ödegsiz aboneman !
il - günde gelen makalalar we habarlary e- mail üsti bilen almak isleseňiz e-mail adresiňizi aşakda ýazyp bize iberiň !


Türkmen Kultur Ojagy- e.v. :Gutlag haty

Gadyrdan ildeşler,
Türkmen Kultur Ojagynyň adyndan Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 279-njy ýyl dönümini Size hem-de dünýäň ähli ýurtlarynda ýaşaýan türkmen doganlarymyza tüýs ýürekden gutlaýarys.
...



Türkmen Kultur Ojagy – e.V. :çakylyk

„Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy,
Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen!“


Gadyrdan ildeşler,
dil we edebiýatymyzyň uly diregi, milli guwanjymyz bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 279-njy ýyl dönümi bu ýyl hem Köln şäherinde sazly-söhbetli hem-de ylmy konferens bilen geçiriljekdir.
Türkmen Kultur Ojagy ýoluňyza gül düşäp,
Sizi bütin maşgalaňyz bilen bu dabara çagyrýar!
Çykyş etmäge oýlansaňyz, gijikdirmän TKO-müdiriýetine habar bermegiňizi haýyş edýäris.
Ýeri: Pfarrzentrum ,An St. Adelheid, 51109 Köln (Neubrück)
Zamany: 05.05.2012- şenbe güni, sagat 18:00-23:00
Siziň geljek ýoluňyza garaşýarys!
Hormat bilen:
Türkmen Kultur Ojagy – e.V. (Müdiriýet topary)
Köln, 09.04.2012
...



Il-gün :Ömri ebedidir halky söýeniň!

Gynanç bilen,
Türkmensahra woleybalynyň legendary Nury Azmun aradan çykdy!
Nury Azmun öz ömür boýy çeken zähmetleri bilen, türkmeniň adyny arşa göterdi we Kümmet şäherini bolsa „Iranyň woleybal paýtagty“ diýen derejä ýetirdi.
Türkmene göwni ýetmezler ony ençeme ýyl bäri äsgermedik bolup, kemsidip, işine päsgel berseler-de, Nuryň göwni hiç bir zaman çökgünlik etmedi we işine başarjaňlyk bilen dowam berdi.
Munuň özi belki-de ol gahrymanyň ýaşaýşynyň beren iň uly sapagydyr.
Nury Azmunyň ady türkmen milletiniň taryhynda ebedilik ýaşar!

Ýatan ýeri ýagty we jaýy jennetden bolsun!
Galanlaryna sabyr we kuwwat dileýäris!

Il-gün
14.03.2012
...



www.turkmenkultur-ev.de :Bahar gelýär bagşy bilen!

Bahar gelýär bagşy bilen!
Gadyrdan ildeşler,
Bu ýyl Köln şäherinde geçiriljek bahar baýramyna Türkmensahraň at gazanan hünärli ýigitleri Arazmuhammet Şirmuhammetli we Hajymuhammet Iri hem gatnaşyp, köpçüligiň şatlygyna şatlyk goşýarlar.
Geliň bu şowhunly agşamda bile bolup, türkmen aýdym- sazyndan bilelikde ganaýlyň!
Sizi nowruz toýuna bütin maşgalaňyz bilen çagyrýarys!
Her maşgala özi bilen göwnünden çykan tagamyny getirse, agşamlyk saçagymyz baharyň dürli we bereketli saçagyna meňzär diýip düşündik.

Duşuşygymyzyň:
Ýeri: Allerweltshaus, Körner Str. 77, 50823 Köln
Zamany: Şenbe, 24.03.2012, sagat: 19:00- 24:00

Türkmen Kultur Ojagy- e.V.
Müdiriýet topary
Köln, 08.03.2012





...



azatlikradiosi :Dünýä türkmenleriniň kongresi döredildi

Orsýetde ýaňy-ýakynda “Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” atly halkara gurama döredildi. Bu maglumaty Azatlyk Radiosyna “Rus-Türkmen öýüniň” başlygy Wladislaw Nemçinow ýetirdi....



Türkmen Kultur Ojagy :Halkara Enedil Gününiň şanyna

2000-nji milady ýyldan başlap, her ýylyň 21-nji February Unesco tarapyndan Halkara Enedil Güni hökmünde yglan edildi.
Unesco öz açyklamalarynda dünýäde gepleşilýän 6000 tüýsli dilden, olaryň tas ýarysy dürli sebäpler bilen bardykça öçüp, ýitip gitme howpunda bolandygyny aňladýar.
...



R. Iliasian :Aşgabat Keramatly Ärsagyň Şäheri

Asyrlar boýy ezilip gelen millet zamananyň tozunyň astynda özüniň kimligini-hem unutsa, oňa geň galmaly däl. Ýöne biz Türkmenler, bir zada gowanmaly oda şundan ybaratdyr: bizleriň başymyzdan her näme geçsede, dünýä müçberinde azsanly millet bolsakda, ýitip gitmändiris. Häzirki zamanda dürli ülkelerde ýaşasakda, Türkmeniň ady ýetmesizlige belli taryhy şertler döräpdir. Türkmen milletiniň öz döwleti bar. Şu sebäpden hem biziň adymyz ýaşar.
...



Türkmen Kultur Ojagy :çakylyk

„Magtymguly sözlär dili türkmeniň“
Gadyrdan ildeşler,
Beýik halkymyzyň milli guwanjy, parasatly şahyr ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 278-nji ýyl dönümi bu ýyl hem Köln şäherinde uly dabara bilen geçiriljekdir.
Sizi bütin maşgalaňyz bilen bu baýrama çagyrýarys!
Toý donumyz egnimizde, toý saçagy elimizde, biziň üýşen ýerimizde dabaramyz dag aşar!

Söhbetli ýa-da sazly çykyş etmäge höwesjeň ýoldaşlardan, öňräginden habar bermeklerini haýyş edýäris!
Şamlyk iýmek üçin her maşgala göwnünden çykaranyny getirse, agşam saçagymyz dürli tagamlara bezeler diýip düşündik.

Sylag we hormat bilen
Türkmen Kultur Ojagy-Alman (Köln)
26.04.2011
Ýeri: Pfarrzentrum
An St. Adelheid 5
51109 Köln (Neubrück)
Zamany: 21.05.2011- şenbe güni, sagat 18:00-23:00

...



[ 1 ] 2 3 4 5

eger il-güni öz açylyş sahypaňyz hökmünde ulanjak bolsaňyz aşakdaky linki basyň !
il-gün açylyş sahypa bolsun !

::  gaýnagyny aňladyp sahypadaky ýazgylary ulanyp bilersiňiz   ::