|
Il-gün neşriýesi 1997-nji ýylyň Mart aýyndan çapa çykyp başlady. üç aýdan bir çykyp, 2001-nji ýylyň December aýynda, 20-nji sanyny çapa çykaryp, şeýle ýazdy:
" Neşriýäniň eliňizdäki (20-nji sany) onuň çapa çykyp, ýaýradylan döwrüniň soňkusydyr. 2002-nji ýylyň başyndan başlap, Il-gün öz işini diňe internetiň üsti bilen alyp barar."
ýöne Il-gün 2002-nji ýyly däl-de, 2005-nji ýylyň başyndan öz işini çynyklandyrdy. ýitirilen üç ýylyň dowamynda, azak-tenek makalalar internete berilse-de, maddy, ruhy we syýasy säwlikler Il-güne saýa salyp, sägindirdi. Indi bolsa Il-gün täze pyntyklar bilen ýola düşendir. Biziň täze hereketimiz bolsa, şol köne ynanjymyzyň esasyndadyr:
- Bu neşriýe hiç bir syýasy gurama bagly däldir we oňa özgermek maksady hem ýokdur.
- Biz bu neşriýede türkmen halkynyň milli bähbitlerini goldamagy, birinji borjumyz bilýäris.
- Ynsan haklaryna we milletleriň azat-erkin ýaşamagyna doly ynanýarys.
- Tebigatyň dürli boluşy ýaly, ynsanlaryň dürli pikirliligine hormat bilen garaýarys.
- Eger dokumentleriň we sahypalaryň edil özüni ulansaňyz ýa-da ýazardan (printerden) çykarasyňyz gelse haklar goragy baradaky maglumaty aýyrmazlygyňyz bizi örän begendirer.
- Herbir ýaýymlanan makalanyň jogapkäri onuň awtory (ýazyjysy) bolup durýar.
-Ýöredilen pikirler il-günüň müdüriýetiniň ýazyjy bilen ylalaşýandygyny aňlatmaýar. şol sebäpli sahypamyzdan doly ýa-da çeşme hökmünde ulanjak makalaň yzyňda ýazyjyň ady bilen bellemegiňizi haýyş edýäris.
- Il-günüň Gullugy doly mugt gurama bolup, esasanda türkmen dilinde düşünşýänlere hyzmat hödürleýän girdeýijisiz topar bolup durýar. Munuň esasy sebäbi Turkmen internet älemine goşant goşmak we metbugatda uly tejribelere eýe bolmakdyr.
- Teklipleriňizi aşakdaky e-mail adrese iberip bilersiňiz.
webmaster@il-guen.de
Siz sag, biz salamat!
Il-gün
|