|
|
|
|
ödegsiz aboneman !
|
|
il - günde gelen makalalar we habarlary e- mail üsti bilen almak isleseňiz e-mail adresiňizi aşakda ýazyp bize iberiň ! |
|
|
|
|
|
|
 Türkmeniň söýegi, halkymyzyň söýeni Gurbandurdy Taganpur aramyzdan çykdy.
Gurbandurdy öz şirin-şeker, tankydy şorta dili bilen we çeper hünärli, başarnykly elleri bilen, ynsana we umuman ýaşaýşa bolan söýgüsini, duýgularyny we çuňňur pikirlerini dutarda çalyp, kagyzlarda çyzyp, suratlarda çekip, heýkellerde ýasap, filmlerde ýazyp, goşgularda düzüp, teaterda oýnap, zikirde gaýnap, 55-ýyl döredijilikli bir ömri ýaşap aramyzdan gitdi.
Ady we ýady nuranadyr!
Maşgalasyna we bütin galanlaryna sabyr we uzak ömür dileýäris.
Il-gün
12.08.2009
...
|
|
|
|
|
 Türkmen Edebeýaty, öz ogullarynyň biri bolan, Nurmohammad Aşyrpury elden berdi.
Ol, 1923 yýlda, Türkmensäranyň Kümüşdepe obasynda dünýä iýnip, ilki we orta okuwny Iranda gutardy .
1947-nji yýllarda, Türkmensähra iň kyn günleri öz başyndan geçirýän günleridi. Şah hükümeti, Türkenleriň azat hereketini basyp, Türkmensährany öz şahsy mülkine geçiripdi. Şu herkete gatnaşan ýaş ýygit, Nurmohammat Aşyrpur bolsa, Irany terk etdip Türkmenistana gitmäge mejbur bolýar.
...
|
|
|
|
|
 Iranda halkyň hakyny sorap, Tehran we başga şäherlerde köçelere akan joşgunly syly, režimiň howpsyzlyk güýçleri we „şahsy lybasly“- lary bilen garşylaşdy.
Hökümet žurnallary gadagan edip, žurnalistlary, syýasy we medeni çalyşganlary tutmak bilen, Internet sahypalary süzmek bilen we ganly-gazaply basgylary bilen halkyň ýüregine gorky sala bilmedi-de, eýsem onuň jemgyýetçilik aňyny, duýgusyny we ruhuny ýaralady.
...
|
|
|
|
|
 Iran režiminiň gözegçileriniň, 22-nji Hordatda bolan prezident saýlawynyň netijesini aç-açan galplaşdyrmaklary, halkyň öňden hem egsik bolmadyk narazyçylyklarynyň üstüni ýetirip, ýurduň içinde we daşynda: „Meniň oýum nirede?“ diýip, ýörüşler gurup, çykyşlar etmeklerine sebäp boldy.
Olaryň öz äsgerilmedik haklaryny sorap, köçelere çykmaklary häzir hem dowam edýär.
Bu arada režimiň basyjy güýçleri, şahsy hem-de nyzamy geýimlerde nahak gan döküp, ara howp salyp, halkyň parahatçylykly hereketini yza sürmäge dalaşýarlar.
Biz, türkmen çalyşganlary, watandaşlarymyz bilen goldaşyp, olara garşy bolýan jenaýatlary ýazgarýarys, gurban bolanlaryň galanlary bilen çuň duýgudaşlyk bildirip, täze bir saýlaw geçirilýänçä bu hereketleriň parahatçylykly we medeniýetli öňe sürülmegini isleýäris.
Ençeme türkmen syýasy we medeni çalyşganlary (aktiwistleri)
Ençeme türkmen saýtlar we weblog ýazanlary
Europa- 19. June. 2009...
|
|
|
|
|
 Türkmen Milletiniñ milli şahyry hem beýik akyldary Magtymguly Pyragy eziz halkynyñ akyl-payhasyndan „Az bolsun Uz bolsun“ diyen dürdäne ündewine uýmak bilen, dünýä we adamzat ýaşaýşynyñ ähli taraplary hakynda az we zu hem-de ölmez-yitmez goşgular goýup gidipdir. Hut şu hakykaty göz öñünde tutmak bilen, beyik Ors alymy Bertels, onuñ diwanyna „jemşidiñ jamy“ diyen dogruçýl hem adalatly baha beripdir. ...
|
|
|
|
|

Çakylyk Hat
Köňüller ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
M. Pyragy
Hormatly Ildeşler!
Kölniň Türkmen Kultur Ojagy, 09- nji Maýda (2009), „Türkmeniň saýrak dili“ bolan, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň, doglan güniniň 276-njy ýyl dönümini, dabaraly belläp geçirmegi göz öňüne tutýar.
Siziň we maşgalaňyzyň bu baýramçylyga goşulmagy ony has-hem joşgunly eder.
Birinji Bölek: sagat 18 .30 tä 20.00
Magtymguly Pyragy hakda ylmy - edebi çykyşlar
1. Begmyrat Gereý, Türkmen taryh hem Edebiýat Araşdyryjy ( Mohakkyk)
2. Şahyr Ebrahim Badahşan
Ikinji Bölek: sagat 20.00 tä 23.30
Azerbaýjan muzisýeni Behruz
Gelmeli Ýeri: pfarrzentrum
An St. Adelheid 5 , 51109 Köln- Neubrück
Türkmen Kultur Ojagy-Köln...
|
|
|
|
|
 Köňüller ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
M. Pyragy
Çakylyk
Hormatly Ildeşler!
Kölniň Türkmen Kultur Ojagy, „Türkmeniň saýrak dili“ bolan, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň, doglan güniniň 276-njy ýyl dönümini, dabaraly belläp geçirmegi göz öňüne tutýar.
Siziň we maşgalaňyzyň bu baýramçylyga goşulmagy ony has-hem joşgunly eder.
Birinji Bölek: sagat 18 .30 tä 20.00
Magtymguly Pyragy hakda ylmy edebi oturyşlyk
1 Begmyrat Gerey, Türkmen taryh hem Edebiýat Araşdyryjy ( Mohakkyk)
2 Şahyr Ebrahim Badakhshan
Ikinji Bölek: sagat 20.00 tä 23.30
Azerbaýjan muzisýeni Behruz
Ýeri:
An St. Adelheid 5
51109 Köln- Neubrück
Türkmen Kultur Ojagy-Köln
...
|
|
|
|
|
 Hormatly Dr. Abdulrahman Diýeji,
Hormatly Haj Hamid Kemi,
„Sahra“ neşriýesiniň ýaýylyp başlanyndan on bir ýyl geçýär. Bu ýyllaryň dowamynda „Sahra“, halkyň iň owadan arzuw-isleglerinden öz ulgamly ýoluna çelgiler ýasap, türkmeniň medeni, yjtymaýy we syýasy ösüşini göz öňüne alyp ýöredi.
„Sahra“ ömür suwuny halkymyzyň çuňňur medeniýetinden içenseň, beýik türkmen jemgiýetçiliginiň tarapyndan hem kabul edilendir. Ol şeýle bolmasa, ýaşynyň on bire ýetjegine gümän ýetirse bolardy!
Siziň aňly tutum we hereketiňiziň, hakyky durmuşyň çatryklarynda, halkymyzyň islegleri bilen barha ýygylaşmagy, sizden öňküden hem köp jogapkärçilik talap eder diýip düşünýäris.
„Sahra“-nyň on bir ýaşyny size we bütin ildeşlerimize gutlap, işleriňizde üstünlik arzuw edýäris.
Il-gün sahypasynyň müdüriýeti
...
|
|
|
|
| |