IL-GÜN

 ايل- گون

  Garaşsyz türkmen neşriyesi

   نشريـــه مستـقـــل تـــرکمـــن

Arhiw Biz Barada Baş sahypa
Monday, 06. September 2010-دوشنبه ۱۵ شهريور ۱۳۸۹
فارسي
sahypada agtarmak

ödegsiz aboneman !
il - günde gelen makalalar we habarlary e- mail üsti bilen almak isleseňiz e-mail adresiňizi aşakda ýazyp bize iberiň !


Il-Gün : Täze ýyl

Buşluk, buşluk,
Gün dogupdyr.
Ýer hem ýaşyl geýebdir,
Sähramyň depe dagy,
Gyzyl ala gül bary,
Türkmen ogul- gyzlary,
Läle-bilen, saz bilen,
Söýgi bilen, näz bilen,
Bary bahara sary.

Gadyrdan ildeşler!
Sizleri, ýetip gelýän bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Täze ýyl hemmäňize gutly bolsun.
Sizlere bagyt getirsin we täze aryuwlaryňyzy ýerine ýetirsin.
Päk arzuwlar bilen Il-Gün
...



Turkmen Kultur Ojagy- Köln : Çakylyk hat

Gadyrdan Ildeşler!

Kölniň Türkmen Kultur Ojagynyň soňky oturşugynda, Türkmen ildeşlerimiziň, TKO- yna goşulup bilelikde iş alyp barmagy özüne borj etdi.
Şu sebäpden, sizleriň TKO- nyň 31.01.2009-yndaky oturşugyna gelip öz goşantyňyzy goşsaňyz, minnetdar bolarys.
Şu Oturşugda maslahat bilseňiz, nobatdan daşary saýlaow geçirmek maksadymyz bar.
Öz bileşiňiz ýaly, TKO- nyň hatarynda durýan adamlar, saýlap hem saýlanyp bilerler.

Türkmen Kultur Ojagy- Köln
Ýeri: Köln Ehrenfeld Allerwelthaus
Zamany: 31.01.2009 sagat 18

...



:

Gadyrdan ildeşler,

2009-njy milady ýyly size we bütin ynsanyýete gutly we düşümli bolsun!

Täze ýylda, ýagty dünýä gözün açyp, gelenimiz köp bolsun!


Il-gün
28.12.2008
...



Ebrahim :Garak

Çyplak sözlerim,
Yalaňaç ýalňyzlygymdy.


Häzir sallanmaka günüň kirpigi,
ýagýarka ýagmyr,
Kümüş damjalar,
bozýarka giň kölüň dury gaýmagyn,
Asman bilen kölüň birigen çagy,
Ýalaň….
...



Turkmen Kultur Ojagy- Köln :Çakylyk hat

Gadyrdan ildeşler!
Kölniň Türkmen Kultur Ojagy Dezember aýynyň altysynda, (06.12.2008) Gurban baýramy garşylap sizler bilen bilelikde bu baýramçylygy geçirmek isleýär.
Siz hem maşgalañyz bilen gelip goşulsañyz , bu baýramçylyk has dabaraly hem-de şadyýan geçer

Türkmen Kultur Ojagy Köln
Ýeri: Köln Ehrenfeld Allerwelthaus
Zamany: 06.12.2008 sagat 18

Şu gün we şol ýerde sagat 16-da Türkmen Kultur Ojagy öz nobatdaky umumy oturşugyny geçirýär.
Şu Oturşuga-hem goşulup,öz goşantyňyzy goşsaňyz begeneris.

Hormat bilen: KölniňTürkmen Kultur Ojagy
22.11.2008
...



Sanjar :

Özüň kabul etmeseň, eger ilki özüňi,

Il-günden dilgir bolma, saňa açmasa gujak,

Eli bilen agzy aýra bagşynyň,

Nädip aýbyn ýapar görgüli gyjak?
...



Suwhan :Ökünç

Ýör ezizim, gal ýeriňden,
Gideýli biz bu ýerlerden,
Mundan bize toý bolmaz.

Düýbüne çüýrük ýetirden,
Bu kineli kerpiçlerden,
Saňa, maňa öý bolmaz.

Orramsylar illerinde,
Ne aýdym bar dillerinde,
Ne saz çalýar ellerinde.

Şahyr bolsa, adamlaryň,
Ýekän, ýekän ýüzün darap,
Aýna bakyp, özün bezäp,

Güler biziň yzymyzdan,
Soraýly biz gözümizden,
Doýdukmy biz ilimizden?

Suwhan
Köln- 28.10.2008
...



il-gün :Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 17-nji ýyldönümi gutly bolsun!

Türkmeniň taryhy günleriniň seresi bolan, ( 27-nji Oktober) şanly Garaşsyzlyk gününi beýik türkmen halkymyza, Türkmenistan hökümetine we hormatly prezident Gurbanguly Berdimuhammedowa tüýs ýürekden gutlaýarys.
17 ýyl mundan öň ykbaly göterilen halkymyz, öz asyrlar boýy arzuw eden Garaşsyzlygyna ulaşyp, türkmendigine buýsanyp bildi.
Tütrkmen hökümetiniň halkaramilletler arasynda uly abraýa eýe bolmagy hem-de Türken iline aladasyz we medenýetli ýaşaýyş mümkin etmegi biziň arzuw-islegimizdir.
Türkmenistaniň Prezidenti we Türkmen hökümetiniň baştutanlygynda, Türkmenistanyň gülläp ösmegini, oňa ýagty geljeginde uly özgerişler we günsaýyn üstünlikler arzuw edýäris.
Barha berkisin Türkmen milletiniň agzybirligi!
Il-gün sahypasy
25.10.2008
...



1 2 [ 3 ] 4 5 6 7

eger il-güni öz açylyş sahypaňyz hökmünde ulanjak bolsaňyz aşakdaky linki basyň !
il-gün açylyş sahypa bolsun !

::  gaýnagyny aňladyp sahypadaky ýazgylary ulanyp bilersiňiz   ::