IL-GÜN

 ايل- گون

  Garaşsyz türkmen neşriyesi

   نشريـــه مستـقـــل تـــرکمـــن

Arhiw Biz Barada Baş sahypa
Monday, 06. September 2010-دوشنبه ۱۵ شهريور ۱۳۸۹
فارسي
sahypada agtarmak

ödegsiz aboneman !
il - günde gelen makalalar we habarlary e- mail üsti bilen almak isleseňiz e-mail adresiňizi aşakda ýazyp bize iberiň !


Turkmensahramedia :gepleşik

Köln şähriniň medeni Jemğiŷat Ŷolbaşçysy, Erejep Myrat bilen gepleşik!

Ahmad Moradi: Siziň Kultur Ojagyňyz Haçan we näme maksatlar bilen döredildi?

Erejep Myrat: Kölniň Türkmen Kultur Ojagy 1996 njy ýylda Türkmenler Tarapyndan döredilip we 1997 nji ýyldan resmi Ojak hökminde işe başlady.

Onuň maksatlary bolsa Türkmen däp – dessurlaryny, Türkmenleriň , ylaýta- da germanýada ýaşaýan Türkmenleriň arasynda saklamakdan ybaratdyr.

Başga tarapdan bolsa ,Türkmenleriň arasynda ýakynrak hem gyzgynrak argatnaşyk gurmakdyr.

Esasan Türkmenlik duýgysyny tyýmarlap durmakyr.

...



Turkmen kultur Ojagy- Köln : Çagylyk

Gadyrdan ildeşler !
Köln şähriniň Türkmen Kultur Ojagy, Türkmen milletiniň beýk şahyry, Magtymguly Pyragynyň 275-nji dogum ýyl dönümini baýramçylyk bilen geçirmegi, özüne borj edinip, şu şanly güni, Mai aýynyň 24-inde, toý-dabara bilen belleýär.
Sizleriň hem, şu toýa maşgala we dost-ýarlaryňyz bilen goşulmagyňyz, oňa öz goşandyňyzy goşmakdyr.
Şu baýramçylgy has hem şadyýan we gyzykly geçirmek üçin, Türkmenistanyň at gazanan Bagşy -Sazandalary gatnaşjaklar.
...



Türkmen Kultur Ojagy- Köln :Hormatly Şahyr Aýdy Ownuk!

Indi bir dem kararym ýok,
Bu menzilde durarym ýok,
Bu sözden hiç habarym ýok,
Habarsyz binowa kyldy.
Magtymguly

Hormatly Şahyr Aýdy Ownuk!
Gynanç bilen arka dagyň, Daňataryň sizleri ýeke goýup giden, ajy Habary, eşitdik. Bu habar, bizleriň hem ýüreglerini ýaralandyrdy.
Size ýürek berklilik hem çydam diläp, uzak ömür we jan saglyk arzow edýäris.
Ýatan ýeri ýagty bolsun!
Türkmen Kultur Ojagy- Köln- Germany
15.08.2008
...



il-gün :Hormatly şahyr Aýdy Ownuk,

Bu ölmek aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi.

Hormatly şahyr Aýdy Ownuk,

Aýylganç maşyn hadysasynda ogluňyzyň aradan çykandygyna tüýs ýürekden gynandyk. Bizi çekýän agylaryňyza paýdaş biliň.

Size we bütin maşgalaňyza sabyr we kuwat dileýäris.
Jaýy jennetden bolsun!

Il-gün sahypasy
13.04.2008
...



r.Iliasian :Bahar baýramyňyz gutly bolsun !

Goja gyşy ugradyp,
bahar gelýär salama.
ýaz aýdymy dilinde,
tebigatyň ynsanyň.
gün gülýär,
aý oýnaýar,
aýnaýar,
ýyldyzlar ýylgyryşýar

Sähramyň her bir obasynda, şährinde, şatlyk- şadyýanlyk, tüýdügiň sesi, dutaryň heňi ýaňlanýar. Ata- babadan gelýän bu Bahar baýramçylyk uly toý edilip geçirlýär.
Türkmen gelin-gyzlary, ýigitleri bolsa topar-topar bolup, hiňňillik uçýarlar we ýaza mynasyp bolan oýonlary, şol sanda ýumurtga döweşmegi oýnap, ýaryşýarlar. Bahara degişli aýdymlaryny gelişdirip aýdýarlar.

Aý terek gün terek
Bizden size kim gerek
Bahar atly gyz gerek
Görogla ýoldaş ýigit
Tahyra syrdaş ýigit
Güler ýüzli şol ýigit
Sizden bizlere gerek

Bahar baýramyny bütin ildeşlerimize gutlap, olara jan saglyk we düşümli ýyl arzuw edýäris.
Her günüňiz toý bolsun!

Gyzgyn salam bilen:Il- Gün
R. Iliasian
...



Tiurkmen Kultur Ojagy- Köln : Türkmenistandan bagşy sazandalar !

Nowruz baýramynyň Çakylyga Goşmaça !

Bahar Baýramyny, 22-nji Mart 2008, has şadyýan we dabaraly geçirilmek üçin gowanç bilen bildiriş berýäris:
Türkmenistanyň at gazanan artisty Akmohammad Hanow we Türkmenistanyň at gazanan artisty Kakadurdy Täjimow, Sazandalary bilen gelip biziň Ýaz baýramymyza goşulyp oňa öz aýdym sazlary bilen täze heň goşýarlar.
Gadyrdan myhmanlar !
Şeýle hem ýaş Türkmen şahyry Ebrahim Badakhşan biziň toýmyza öz goşandyny goşýar.

Bu ýyl Bahar baýramy Türkmenistandan gelýän bagşy sazandalar we azerbaýjan sungatçylarmyz bilen ýatdan çykmajak bir toý agşamy bolar diýiep umyt edýäris.

Türkmen Kultur Ojagy- Köln
14.03.2008
Tko_koeln@yahoo.de
...



Turkmen kultur Ojagy- Köln :Çakylyk haty

Turkmenischer Kulturverein e. V.



Baglar pyntyk açyp, bahary buşlap,
Pudaklary akja gül bilen geler,
Säheriň şemaly ösmesin başlap,
Gülleri sypalap, çöl bilen geler.
<< Sawçy >>


Çakylyk haty

Hormatly ildeşler!
Köln şäherindäki Türkmen Kultur Ojagy 2008-nji ýylyñ, 22-nji Martynda
Nowruz baýramny dabaraly belläp geçirmekçidir.
Nowruz baýramna aşakdaky atgazanan azarbaýjanly sungatçylar
gatnaşjaklar:
- Fozuly
-Behruz
Sizi maşgalañyz bilen çagyrýarys we gelip goşandyñyzy goşmagyñyzy isläp bilelikde şadyýanly bir agşamy geçirmäge çagyrýäris.

Hormat bilen


Baýramçylygyň geçirljek ýeri:
Pfarr Zentrum
An St. Adelheid 5
51109 Köln
(Stadtteil Neubrück- Europaring- Strassburger Platz)

Zamany: 22.03.2008 – şenbe güni – sagat : 18:00


Türkmen Kultur Ojagy – Köln
( TKO-Koeln@ web.de)
04.03.2008

Türkmen Kultur Ojagy- Köln
...



Turkmen Kultur Ojagy- Köln :Çakylyk

Gadyrdan ildeşler !

Dezember aýynyň 23 inde Gurban baýramy garşylaýarys. Sizler- hem maşgalaňyz bilen bu duşuşygymyza goşulyp, oňa öz goşandyňyzy goşmak, biziň islegmizdir.


Hormat bilen: Türkmen Kultur Ojagy - Köln

Ýeri: Köln, Körner Str. 77-79 Aller Welt Haus
Wagty: 23. 12.2007 Sagat 15

tko_koeln@yahoo.de
10.12.2007
...



1 2 3 [ 4 ] 5 6 7 8

eger il-güni öz açylyş sahypaňyz hökmünde ulanjak bolsaňyz aşakdaky linki basyň !
il-gün açylyş sahypa bolsun !

::  gaýnagyny aňladyp sahypadaky ýazgylary ulanyp bilersiňiz   ::