IL-GÜN

 ايل- گون

  Garaşsyz türkmen neşriyesi

   نشريـــه مستـقـــل تـــرکمـــن

Arhiw Biz Barada Baş sahypa
Monday, 06. September 2010-دوشنبه ۱۵ شهريور ۱۳۸۹
فارسي
sahypada agtarmak

ödegsiz aboneman !
il - günde gelen makalalar we habarlary e- mail üsti bilen almak isleseňiz e-mail adresiňizi aşakda ýazyp bize iberiň !


il-gün :Gynançly habar

Bu gün daňdan, ildeşimiz Huşeň Garynjik aýylganç bir maşin hadysasynda dünýäden ötüpdir.

Maşgalasyna we galanlaryna sabyr we kuwat dileýäris.

Huşeňden galan hoş hatyralarymyz biz bilen ýaşar.

Ýatan ýeri nurana bolsun!

Il-gün
03.12.2007
...



Türkmen Kultur Ojagy- Köln :274 ýaşyň gutly bolsun!

Türkmeniň beýik akyldar atasy, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýyl dönümi, bu ýyl Köln şäherinde örän şadyýan geçirildi. Pyragynyň, Türkmen milletiniň ýaşaýşynda bolan ähmiýetine gysga bir seredilip berilen gürrüňden soň, şygyrlaryna aýdymlar aýdylyp, oňa bagyşlanan goşgy diňlenildi.

Ýaşlar hem bu dabara Türkmen Rap Muziki bilen goşuldylar.
Turkmen Kultur Ojagy – Köln
14.05.2007
Bu dabaradan bir näçe surat:
...



Turkmen Kultur Ojagy- Köln :Türkmen Rap Aýdymçynyň Köln sähärnde boljak çykyşy

Ýaş Türkmen Rap Aýdymçy biziň baýramçylygymyza gadnaşýar.Ýaş Türkmen Rap aýdymçy Salyh Annanyýaz 12.nji Maýda Magtymguly atamyzyň dogylan gününyň şanyna bagyşlanan toý-baýramçylygymyza gatnaşýar. Salyh Annanyýaz ylaýta-da Türkmen ýaşlaryň Rap ýolynda aýdýan aýdymlaryny aýdmakçy. Bu yaş aýdymçynyň internet sahypasy: www.rapfabriek.co.nr
Turkmen Kultur Ojagy-Köln
24.01.2007
...



Türkmen Kultur Ojagy- Köln :Il umyt gözledi(-ýär) seniň adyňdan (Kerim Gurbannepes)






Hormatly Ildeşler,
Salam we sylag bilen sizi, Magtymguly Pyragynyñ doglan, we Türkmensähra Jumhuriýetiniň gurlan gününie bagyşlanan toý - baýramçylyga, tüýs ýürekden çagyrýarys.
Siziň gatnaşmagyňyz bilen, bu günüň dabarasy artar!

Baýramçylygyň geçirljek ýeri:
Pfarr Zentrum
An St. Adelheid 5
51109 Köln
(Stadtteil Neubrück- Europaring- Strassburger Platz)

Zamany: 12.05.2007 – şenbe güni – sagat : 18:00-23:00


Türkmen Kultur Ojagy – Köln
( TKO-Koeln@ web.de)
18.04.07
...



Türkmen Kultur Ojagy- Köln :Çakylyk

Gadyrdan ildeşler,

Kölnüň Türkmen Kultur Ojagy, April aýynyň 29-ynda, öz umumy oturyşlygyny geçirýär.

Siz gadyrdan ildeşlerimizi şu oturyşlyga çagyrýarys.


Türkmen Kultur Ojagy-Köln

Duşuşyk ýeri: Köln- Allerweltshaus, Körner Str.77-79
Zamany: ýekşenbe güni, 29.04.2007
Sagat: 11:00- 14:00
...



il-gün : Nowruzly täze ýylyňyz gutly bolsun!

Baglar pyntyk açyp, bahary buşlap,
Pudaklary akja gül bilen geler,
Säheriň şemaly ösmesin başlap,
Gülleri sypalap, çöl bilen geler.
<< Sawçy >>

Gadyrdan ildeşler,
Täze ýylda size berk jan saglyk, agzybirlik, egsilmez üstünlikler we islegleriňiziň pyntyklary pudaklap, gül açmagyny arzuw edýäris!

IL-GÜN neşriýesiniň müdüriýeti
19.03.2007
...



:Gutlag haty

8-nji Mart, halkara aýallar güni, bütin gelin-gyzlara gutly

bolsun!

Il-gün
...



Türkmen Kultur Ojagy- Köln : ***Ýaranlara sawçy bolup, şahyr gelýär ilimizden*** << Çakylyk>>



Ak maýa dolanýar köşegin gözläp,
Gara gözi hiç mekana ýetenok,
Sawçy hem gezip ýör ýitigin yzlap,
Ýöne heniz gara duman gidenok.

Gadyrdan ildeşler,

Salam we hormat bilen Sizi, Türkmensahranyň beýik şahyry, ussat Settar Sowgy we halksöýer ýaş şahyr Ibrahym Badahşan bilen geçiriljek goşguly agşama çagyrýarys.
Çyn şahyrlaryň goşgularyny diňläp, ruhy dünýäňiz baýlaşar diýen umydymyz bar.

Türkmen Kultur Ojagy-Köln

Duşuşyk ýeri: Köln- Allerweltshaus, Körner Str.77-79

Zamany: Şenbe güni, 31.03.2007
Sagat: 17:00- 22:00
...



1 2 3 4 [ 5 ] 6 7 8

eger il-güni öz açylyş sahypaňyz hökmünde ulanjak bolsaňyz aşakdaky linki basyň !
il-gün açylyş sahypa bolsun !

::  gaýnagyny aňladyp sahypadaky ýazgylary ulanyp bilersiňiz   ::