Köln şähriniň Türkmen Kultur Ojagy, 2010-njy ýylyň, juli aýynyň dördinde, Şahyrlaryň oturyşlygyny geçirdi. Bu Oturyşlyga, Şahyrlar Ebrahim Badahşan we Gafur Hoja gatnaşdylar.
Ilki başda, Ebrahim Badahşan Türkmensähradaky goşgy akymlary we onuň aýratynlyklary hakda, ylaýta-da ak goşgy we oňa mahsus bolan häsýetleri açyklap, aýdyňlaşdyrdy. Bu açyklamadan soňra Gafur Hoja öz goşgylaryndan myhmanlara okap berdi. Şahyryň goşgylary dürli temalary üz içine alyp bilipdir. Gafur şahyr olary Lirik Sosial we başga temalara bölüp her bir akardan bir näçe goşgy okap birdi.
Şayhr Ebrahim Badahşan, öz Gijeler atly goşgy kitabyndan, hem-de, heniz çap bolmadyk goşgylaryndan, bir näçesini saýlap ýakymly sesi bilen oturanlara hödür etdi. Şahyrlaryň goşgylary, gelen myhmanlary düýpli tolkundyryp, olar durşy bilen gulak bolap, şahyrana sözleri janlaryna siňdirdiler. Şahyrlaryň goşgylary ýürekden turup ýüreklere oturdy. Göýä Türkmensährnyň belentli-pesli düzinden, depesinden, gelen säher şemaly bolup, ýat illerde ýat bolup giden tenleri sypalap gitdi. Türkmesähranyň „ýyldyz dagyndan“ iýnen çeşme bolup suwsap, gurap giden dodaklary gandardy.
Oturyşlygyň soňynda bolsa, adamlar goşgy hem medeni ýagdaý hakda sorg berdiler. Şahyrlar bu soraglara jogap berip, oturanlary Türkmensähranyň häzirki medeni ýagdaýy bilen tanyş etdiler.
R. Iliasian
06.07.2010 |